ИНСТИТУТ ГОСУДАРСТВА, ПРАВА И ДЕМОКРАТИИ ТУРКМЕНИСТАНА

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynda taýýarlanan bu okuw gollanmasy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň hukuk hünärinden bilim alýan talyplaryna niýetlenýär. Bu gollanmada wajyp döwlet-hukuk düşünjelerini hukuk öwrenijiler üçin zerur maglumatlary çalt hem aňsat tapmak we özleşdirmek mümkin bolar ýaly derejede ýönekeýleşdirilip hem- de gysgaldylyp berilýär. Şonuň ýaly-da okuw-usuly serişdeleriň çyzgylar, sowalnamalar ýaly görnüşlerini ulanmak bilen, döwlet we hukuk nazaryýeti boýunça soraglary has netijeli özleşdirmeklige ýardam bermek maksat edinildi.