Merkez
Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş merkezi Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.
Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş merkeziň esasy wezipeleri:
— deňeşdirme hukuk öwreniş pudagynda ylmy gözlegleri geçirmek;
— Türkmenistanyň hukuk ulanyjylarynyň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek;
— bilelikdäki iş toparlarynda ylmy we amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak;
— kanunçylygy kämilleşdirmek babatynda bilelikde teklipleri taýýarlamak;.
Merkez hemmeler üçin açykdyr we raýatlara türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş babatda ýöriteleşdirilen edebiýatlara, maglumat kitaplaryna, gollanmalara we beýleki maglumatlara elýeterliligi üpjün edýär.
Merkeziniň işiniň esasy ugry Türkmenistanyň we Germaniýanyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, onuň döredilmegi hem-de açylmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine, mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna itergi berer.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) bilelikde, «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde neşir etdirilen kitaplary:
— Hukuk. Ykdysadyýet. Abadançylyk. Türkmenistanda hukuk reformasynyň döwrebap meseleleri. — A.: 2010.
— Türkmenistanyň Raýat kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler I tom. — A.: TDNG., 2013.
— Türkmenistanyň Raýat kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler II tom. — A.: TDNG., 2013.
— Türkmenistanyň Raýat kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler III tom. — A.: TDNG., 2015.
— Türkmenistanyň Raýat kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler IV tom. 1 bölek. — A.: TDNG., 2019.
— Türkmenistanyň Raýat kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler IV tom. 2 bölek. — A.: TDNG., 2019.
— Türkmenistanyň Raýat kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler V tom. — A.: TDNG., 2020.
— Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanuny (Ylmy-amaly düşündirişler). — A.: TDNG., 2020.
— Türkmenistanyň we Germaniýanyň administratiw hukugy we administratiw önümçilik hakynda kanunçylygy. -A.: TDNG., 2024.
— Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-tejribe düşündirişler. — A.: TDNG., 2025.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Alyşir Nowaýy köçesiniň