24.10.2026
Press-reliz
AŞGABAT, 23-nji oktýabr (TDH).
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Adalat köşgüniň binasynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary, diňleýjileri, talyplary, ýurdumyzda akkreditirlenen halkara guramalarynyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny aýratyn buýsanç bilen diňlediler. Gutlagda döwletiň we konstitusion gurluşyň ynsanperwer gymmatlyklarynyň, raýatlaryň syýasy, durmuş we ykdysady hukuklarynyň durmuşa geçirilişiniň üpjün edilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.
Maslahatda çykyş edenler kanunyň hökmürowanlygynyň we milli demokratik ýörelgelere ygrarlylygyň döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklarynyň ösüşine, häzirkizaman raýat jemgyýetiniň kämilleşmegine oňaýly täsir edýändigini bellediler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk esaslary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli, oňyn özgertmeler jemgyýetimizi jebisleşdirip, adamlaryň aň-düşünjesini kämilleşdirmek bilen, her bir türkmenistanlyny ruhlandyrýar.
Çykyş edenler häzirki wagtda milli hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine we onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyna gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtadylar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda, 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi örän ähmiýetli taryhy wakalar bolandygy çykyş edenleriň üns merkezinde boldy. Şonuň bilen birlikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak kararnamalary ýurdumyzyň halkara hukugynyň ösüşine goşýan mynasyp goşandynyň güwäsidigini çykyş edenler aýtdylar.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlary bilen sazlaşykly utgaşmagy, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi netijesinde, her bir adamyň beden taýdan sagdyn, ruhy we ahlak taýdan kämil ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.
“Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi döwletlilik ýörelgelerimiziň, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy, milli demokratiýanyň ösüş ugurlary barada pikir alyşmaga, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatynyň durmuşa geçirilişini wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döretdi.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hukuk we onuň amala aşyrylmagy döwletliligiň ösüşi bilen pugta baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli hukuk ulgamy kemala geldi, bu ulgamyň binýadyny şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara gatnaşyklarynda milli bähbitleri üpjün etmek maksadynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk kadalaşdyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar düzýär.
Onuň şeýledigini, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýbarynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” tassyklanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynyň” çykaran kararlary esasynda tassyklanylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Bu milli meýilnamalar BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde adam hukuklary boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Maslahatda halkara bilermenler we alymlar bilen bir hatarda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň - Adalatçynyň adam hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri, şeýle hem milli tejribe bilen halkara ýörelgeleriniň sazlaşygy baradaky çykyşy diňlenildi. Şeýle-de maslahatdaky çykyşlarda soňky ýyllarda ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleriň bardygy nygtaldy.
Maslahatda çykyş edenler hukuk terbiýesiniň we hukuk medeniýetiniň ähmiýetini, şeýle hem raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginde döwlet edaralarynyň orny barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolmak bilen ägirt uly mümkinçilige eýedir. Esasy Kanun ýurduň durnuklygyny hem-de syýasy, durmuş, ykdysady ösüşiniň depginini üpjün etmäge gönükdirilendir. Konstitusion ýörelgeler häzirkizaman hukuk döwletiniň, onuň institutlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we her bir raýatyň işinde wajyp orun tutýar.
Maslahatda beýan edilen netijeler we ylmy-amaly garaýyşlar döwletliligiň, milli hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüşine oňaýly täsir etmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, Döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza we hemmelere saglyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdiler.