Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Döwlet gullugy akademiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we syýasy-hukuk ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Döwlet gullugy akademiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we syýasy-hukuk ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

17.09.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy-hukuk ösüşindäki orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çäräniň esasy maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny, Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligini, şeýle hem milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini ylmy taýdan esaslandyrmakdan ybarat boldy.

Maslahat giň gerimli umumy mejlis bilen başlandy. Onda Türkmenistanyň Gahrymanlary we hukuk ulgamynyň belli işgärleri çykyş edip, öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Umumy mejlis tamamlanandan soň, maslahatyň işi bölümler boýunça dowam etdi. Olarda ýokary okuw mekdepleri, hukuk goraýjy edaralar we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan taýýarlanan ylmy tezisler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Üç tematiki bölümiň dowamynda döwlet we hukuk ulgamlarynyň milli ösüş aýratynlyklary, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde döwlet maksatnamalarynyň we maýa goýumlarynyň orny seljerildi.

Mundan başga-da, «Garaşsyzlyk ýyllarynda raýat jemgyýetini kemala getirmegiň milli nusgasy» atly ugur boýunça ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen täze netijeler we teklipler öňe sürüldi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletliligiň we hukugyň ösüş ugurlary barada çykyş etdiler.