Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösiiş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösiiş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

24.10.2026

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de maslahatyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi üçin döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň durnukly ösüşleri üçin alyp barýan il bähbitli, halkara ähmiýetli işleriňiziň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň Gutlagyňyzda döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgeleriň döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklaryna hem-de raýat jemgyýetiniň kämilligine oňaýly täsiriniň beýan edilmegi halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri bilen häzirki zaman döwlet gurluşynyň sazlaşygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Häzirki döwürde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ösüşli ýollar bilen öňe barýar. Durmuş ugruna gönükdirilen bazar ykdysadyýeti we raýat jemgyýeti yzygiderli kämilleşýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň raýatlary hem-de halkara jemgyýetçilik Türkmenistanyň Konstitusiýanyň ýörelgeleýin kadalarynyň durmuşa geçirilişine, döwletlilige, milli hukuk ulgamyna, şeýle-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan içeri we daşary syýasatyna uly ynam bilen garaýarlar.

Maslahatda çykyş eden milli we halkara hukukçylaryň, syýasatçy bilermenleriň belleýşi ýaly, jemgyýetde ylalaşyklylygyň, raýdaşlygyň, işjeňligiň, ykdysadyýetde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi esasynda türkmen jemgyýeti sazlaşykly ösýär, Türkmenistanda halk häkimiýetliligi we demokratiýa pugtalanýar. Ylmy seljermeleriň netijeleriniň görkezişine görä, Konstitusiýa, milli kanunçylyk Türkmenistanyň häzirki zaman gymmatlyklar ulgamynyň, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny üpjün edýär. Munuň özi adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulmagynda, bazar ykdysadyýetiniň ösüşinde, hukuk döwletiniň däplerine we ýörelgelerine eýermekde, halk häkimiýetiniň milli däpleriniň dabaralanmagynda, halkara hukuk kadalarynyň ileri tutulmagynda öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň umumy kanunalaýyklygy hukuk ylmynyň we tejribäniň sazlaşygynda aýdyň görünýär. Hukuk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygynyň berkemegi, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ylmylygynyň özleşdirilmegi hukuk ulanyjylara oňyn täsirini ýetirýär. Hukugyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň ösüşiniň wajyp guraly bolmak bilen, ol ösüşleriň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny emele getirýär hem-de durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna şert döredýär. Türkmenistanyň kanunçylygy döwrüň talaplaryny nazara alyp, adamyň we raýatyň bähbidine yzygiderli kämilleşdirilýär.

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetde demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek, syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ösdürmek işleri ulgamlaýyn alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklamagyňyzyň netijesinde, BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde adam hukuklary boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikler döredi. Şu nukdaýnazardan, adam hukuklarynyň kanuny kepilliklerini we durmuşa geçirilişini wagyz etmegi güýçlendirmek, bu ugurda ylmy seljermeleri geçirmegiň netijeliligini artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Şunuň bilen birlikde, olar Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksatlarynyň halkara guramalar we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly, özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini aýratyn bellediler.

Siziň başlangyjyňyz bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda, 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi örän ähmiýetli taryhy wakalar boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamalary ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine goşýan mynasyp goşandyny alamatlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriňiz rowaçlyklara beslensin!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar.