Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça (BOMKA) Maksatnamasynyň maslahaty geçirildi

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça (BOMKA) Maksatnamasynyň maslahaty geçirildi

28.07.2026

Şu ýylyň 22-23-nji iyulynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça (BOMKA) Maksatnamasynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlyga aýallaryň gatnaşmagyny giňeltmek we gender ugurlaryny ornaşdyrmak boýunça sebitleýin amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata ýurdymyzyň degişli gulluklarynyň, ýagny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň şeýle-de Adalatçynyň Diwanynyň wekillerinden ybarat bolan wekilýet hem gatnaşdy.

Çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlyga aýallaryň gatnaşmagyny giňeltmegiň hem-de gender ugurlaryny ornaşdyrmagyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar kararlary kabul etmek amalynda aýallaryň ornuny berkitmegiň we serhetüsti özara gatnaşyklary ösdürmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekilýeti hem adam hukuklaryny goramak, gender başlangyçlaryny we hukuk özgertmelerini öňe sürmek, şeýle hem jemgyýetçilik howpsuzlygyny we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek ugurdaky milli tejribelerini paýlaşdylar.