Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

AÝRATYN GORALÝAN TEBIGY ÝERLERIŇ HUKUK DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

AÝRATYN GORALÝAN TEBIGY ÝERLERIŇ HUKUK DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI


Azat ŞÄHERGELDIÝEW, 

Balkan welaýatynyň
Balkanabat şäheriniň prokurory

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Aýratyn goralýan tebigy ýerlere – tebigy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek maksady bilen döwletiň aýratyn goragyna alnan, aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki gymmaty bolan tebigy gurşawyň ýer bölekleri (ýerler, tokaýlar, suwlar, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi), tebigy toplumlar we aýry-aýry obýektleri degişlidir.

2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni, estetiki, dynç alyş-sagaldyş we sagaldyş gymmaty bolan aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagy guramak, goramak we peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär we Türkmenistanyň Ýer kodeksiniň we ekologiýa çygryndaky beýleki kanunlaryň kadalary bilen sazlaşykly utgaşyp, olaryň üsti ýetirilýär we anyklaşdyrýar. Kanun 13 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr.

Agzalan kanun aýratyn hem ýerleri, suwlary, atmosfera howasyny, tokaýlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini hem-de tebigy ýerleriň beýleki tebigy serişdelerini peýdalanmak we goramak boýunça gatnaşyklarda Türkmenistanyň “Tebigaty goramak hakyndaky”, “Şypahana işi hakyndaky”, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky” kanunlary hem-de Ýer, Suw, Tokaý kodeksleri bilen pugta baglanyşyklydygyny bellemek bolar.

Bu kanuna laýyklykda, tebigy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek maksady bilen döwletiň aýratyn goragyna alnan, aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki gymmaty bolan tebigy gurşawyň ýer bölekleri (ýerler, tokaýlar, suwlar, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi), tebigy toplumlar aýratyn goralýan tebigy ýerler diýlip hasap edilýär. Kanunyň 5-nji maddasynda, aýratyn goralýan tebigy ýerler tebigy toplumlaryň we obýektleriň ähmiýetine hem-de gymmatyna baglylykda şu aşakdaky derejelere bölünýär:

1) halkara ähmiýetli ýerlere: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, ÝUNESKO-nyň biosfera goraghanalarynyň Bütindünýä ulgamynyň sanawyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň halkara sanawlaryna goşulan we goşmak üçin nazarda tutulýan, ekologik, ylmy, medeni, estetik, dynç alyş-sagaldyş nukdaýnazaryndan ajaýyp uniwersal gymmaty bolan halkara ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler;

2) döwlet ähmiýetli ýerler: Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn ekologik, ylmy, medeni, estetik, dynç alyş-sagaldyş ähmiýeti bolan döwlet ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler;

3) ýerli ähmiýetli ýerler: welaýatlaryň, welaýat hukukly şäheriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň anyk aýratyn ýerlerinde ekologik, ylmy, medeni, estetik, dynç alyş-sagaldyş ähmiýetli, ýerli ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler.

Aýratyn goralýan tebigy ýerler gorag düzgüni döredilmegi bilen baglylykda niýetlenen maksatlaryna görä: döwlet tebigy goraghanalary (Hazar, Badhyz, Köpetdag, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Gaplaňgyr, Köýtendag, Bereketli Garagum); döwlet biosfera goraghanalary (Repetek); milli tebigy seýilgähler; döwlet tebigy ýerli goraghanalary; döwlet tebigy ýadygärlikleri; sagaldyş maksatly tebigy ýerler; döwlet botanika baglary; döwlet zoologiýa seýilgähleri ýaly görnüşlere bölünýär. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen aýratyn goralýan tebigy ýerleriň beýleki görnüşleriniň hem döredilip bilinýändigi göz öňünde tutulan. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň şeýle derejelere bölünmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Aýratyn goralýan tebigy ýerler babat-da döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan olaryň her görnüşi boýunça düzgünnama işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. Aýratyn goralýan tebigy ýerler olaryň iş möhletlerini görkezmezden (möhletsiz) ýa-da kesgitli möhlet bilen (möhletli) döredilýär. Aýratyn goralýan tebigy ýerler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzdsuz eýelik etmäge we peýdalanylmaga tebigaty goraýyş döwlet edaralaryna, peýdalanmaga berilýär.

Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň düzgünini üpjün etmek üçin gorag zolaklarynyň bellenilmegi bilen, olarda gorag düzgüniniň berjaý edilmegine ýaramaz täsirini ýetirýän işler gadagan edilýär. Şunuň bilen baglylykda döwlet tebigy goraghanalaryň we döwlet biosfera goraghanalaryň töwereginde gorag zolaklary hökmany tertipde döredilýär. Milli tebigy seýilgähleriň we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerleriň töwereginde hem gorag zolaklary döredilip bilner.

Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejelerinden ugur alyp, olaryň gorag zolaklarynyň ýerlerinde tebigatdan peýdalanmagy döretmek, ölçegleri, serhetleri we düzgüni hakynda halkara we döwlet ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan, ýerli ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan karar kabul edilýär.

Ýerleri goramak baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek ugrundaky işleriň toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk namalarynyň möhüm ähmiýeti bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda “Taryhy, arheolohiýa, şähergurluşyk, binagärlik we çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalaryň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi” tassyklanyldy.

Bu resminamada “ýadygärlikleriň gorag zolagy”, “gurluşyk işlerini tertipleşdirýän zolagy”, “goralýan tebigy landşaft zolagy”, “medeni gatlakly ýerler” diýen düşünjelere anyk kesgitleme berilýär. Bu kararyň kabul edilmegi, ýadygärliklerimiziň gorag zolaklaryny, ýagny, umumy dilde aýdanymyzda, “ýadygärlikleriň serhedini” bellemegi tertipleşdirýär. Ýadygärlikleriň we olaryň daş töwereginiň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegi üçin niýetlenen ýörite meýdanlar ýadygärlikleriň we tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklary bolup durýar. Ýadygärlikleriň gorag zolaklary ýadygärlikleri bar bolan şäherleriň, etrap merkezleriniň we obalaryň baş ýerleşişi boýunça meýilnama çyzgylarynda görkezilýär. Ýadygärlikleriň gorag zolagy ýadygärligiň we oňa ýanaşyk ýerleriň abat saklanmagyny üpjün etmek üçin niýetlenen meýdanlardyr. Goralýan tebigy landşaftyň zolagy gorag we gurluşyk işlerini tertipleşdirýän zolaklaryň düzümine girizilmedik, ýadygärligiň golaýyndaky gymmatly tebigy landşaftyň abat saklanylmagyna niýetlenen meýdandyr.

Resminamanyň 24-nji bendine laýyklykda, goralýan tebigy landşafty goramak çäreleri taryhy görnüşini dikeltmekden we oňa dogry gelmeýän baglary, desgalary, binalary aýyrmakdan, tebigy ösümlikleri dikeltmekden we saklamakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da goralýan tebigy landşaft zolagynyň meýdanynda düýpli gurluşyk binalarynyň gurulmagyny talap etmeýän hem-de tebigy landşafta zyýan ýetirmeýän işlere ygtyýar berilýär. Tebigy landşaftyň goralýan zolagynyň bellenen böleklerinde ot ýygmak, mal bakmak we ekerançylyk işlerini geçirmek mümkindir. Bu zolak gezelenç etmek we köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin açyk meýdan hökmünde hem ulanyp bilinýär.

Şeýlelik bilen, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döredilmegi we olaryň işi Türkmenistanyň tebigatynyň goralyp saklanmagyna we jemgyýetiň işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär, ýurdumyzyň tebigaty goramak boýunça kanunçylygy onuň kepili bolup durýar.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny serişdelerini ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak hem-de sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary we teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny amala aşyrmak boýunça köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy birleşdirmek üçin ähmiýetlidir. Türkmenistan milli bütindünýä biodürlüligi goramak Biologik dürlülik hakynda konwensiýasyna 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda goşuldy.

Konwensiýanyň esasy maksady – biologiki dürlüligi, ýagny ähli jandarlary genetik, görnüş ekoulgam derejesinde goramak; biodürliligi emele getrýän düzümi ýurtlaryň ýerlikli peýdalanmagyny üpjün etmek; genetiki baýlyklary ulanmakdan gazanylan haýry adalatlylyk, deňlik esasynda paýlaşmak, degişli tehnologiýany alşyp berişmek. Ösýän ýurtlarda adam tarapyndan ýetýän zyýany azaldýan ekologik, kuwwat toplaýjy serişdeler we maglumatlar tehnologiýalaryny ýaýratmak konwensiýanyň esasy taglymydyr. Türkmenistanyň biologiki dürlüligi dünýäniň beýleki tebigy ulgamlary bilen berk baglanyşykly we ençeme müňýyllyklardan bäri milli mirasdyr. Biodürliligiň kemelmegi häzirki zamanyň esasy ekologiki meseleleriniň biri bolup durýar. 1600 ýyldan bäri dünýäde haýwanlaryň 484 we ösümlikleriň 654 görnüşiniň ýok bolandygy anyklandy. Häzirki wagtda haýwanlaryň 9000 den gowrak görnüşiniň, ösümlikleriň 7000-e golaý görnüşiniň Tebigaty goramagyň Halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistan halkara konwensiýalara gatnaşmaga, daşky gurşawy goramak boýunça halkara hukugynyň düzgünlerini we ýörelgelerini ýerine ýetirmäge yzygiderli üns berýär. Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň gatnaşyjysy bolup durýar.

Türkmenistanyň ilaty tebigaty goramagyň möhümdigine oňat düşünýär we tebigaty goramak boýunça ähli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi, hukuk kadalarynyň durmuşa geçirilýändigi, ekologiki medeniýetiň ýokarlan-ýandygy baradaky netijä gelmäge esas bolup durýar.

Jemlenip alnanda, ýurdumyzda tebigy baýlyklary gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, önümçilikde tebigata zyýansyz tehnologiýalary ulanmak, umuman ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwrebap kanunçylyk kemala geldi. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk we guramaçylyk üpjünçiliginiň berjaý edilmegi biodürlüligiň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetlidir.