Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

HUKUK MEDENIÝETI WE DEMOKRATIK ÖSÜŞ

HUKUK MEDENIÝETI WE DEMOKRATIK ÖSÜŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, jemgyýetde kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şeýle hem ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi, ilkinji nobatda, raýatlaryň hukuk medeniýetiniň derejesi, olaryň kanunlara hormaty we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu nukdaýnazardan, hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynasanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin iş Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda adam hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň üpjün edilişi babatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleri, döwletlilik däpleri, milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilişi, ýaşlaryň hukuk medeniýetini kemala getirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Bu çäreler tapgyry ilki bilen 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat şäherinde başlanyp, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda «Kämil hukuk ulgamy – durnukly ösüşiň we bagtyýarlygyň binýady» atly ilkinji maslahaty geçirildi. Duşuşyklaryň dowamy ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dowam edip, 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Balkan weleýatynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz unwersitetiniň Balkanabatdaky şahamçasynda «Döwletlilik däpleri we hukuk medeniýeti: Nesilleriň dowamatlylygy»; 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň Türkmen oba hojalyk institutynda «Adam hukuklaryny goramak – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry»; 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Kämil hukuk ulgamy we durmuş-ykdysady ösüşler- röwşen geljegiň binýady» we 2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Hukuk sowatlygy we demokratik ösüş – kämil jemgyýetiň möhüm şerti» atly wagyz-nesihat duşuşyklary üstünlikli amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Hukuk medeniýeti we demokratik ösüş – kämil jemgyýetiň möhüm şerti» atly maslahat-duşuşygy Institutyň professor-mugallymlarynda we talyplarynda uly gyzyklanma döretdi.

Bu çäre ýaşlaryň hukuk düşünjesini ösdürmäge, demokratik gymmatlyklaryň ähmiýetini giňden düşünmeklerine hem-de raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çäreleriň biri boldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň wekiliniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmeniniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymynyň çykyşlarynda milli kanunçylygyň ösüş ugurlary, hukuk ulgamynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi anyk mysallar arkaly beýan edildi.

Ýaşlaryň hukuk medeniýetiniň ösüşine aýratyyn üns berildi. Çünki, hukuk medeniýeti diňe bir kanunlary bilmek däl, eýsem, olaryň mazmunyna dogry düşünmek, öz hukuklaryny we borçlaryny aňly-düşünjeli berjaý etmek, kanuny mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak başarnygydyr. Hukuk taýdan medeniýetli raýat öz hukuklaryny goramagyň kanuny ýollaryny bilýär, jemgyýetiň we döwletiň öňündäki jogapkärçiligine düşünýär we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi öz borjy hasaplaýar. Şonuň üçin hem, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak jemgyýetde kanunylygyň pugtalanmagyna, raýatlaryň hukuk işjeňliginiň artmagyna, hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga we döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky özara ynamy berkitmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, raýatlaryň kanunyň öňünde deňligi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň demokratik esaslary ýaly möhüm ýörelgeler berkidilendir. Bu konstitusion kadalar jemgyýetde hukuk medeniýetini ösdürmegiň we raýatlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň esasy hukuk binýadyny emele getirýär. Hukuk medeniýetiniň ýokary derejesi raýatlaryň diňe bir öz hukuklaryna düşünmegini däl, eýsem, başgalaryň hukuklaryna hormat goýmagyny hem şertlendirýär. Şeýle düşünjäniň jemgyýetde giňden ornaşmagy özara hormata, jogapkärçilige we adalatlylyga esaslanýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.

Jemgyýetiň ähli ugurlarynda kanunylygyň, deňhukuklylygyň, raýat işjeňliginiň we jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň pugtalandyrylmagy häzirki zaman ösüşiniň düzüm bölegi bolup durýar. Hukuk medeniýetiniň ýörelgeleýin kadalarynyň durmuşa geçirilmegi bolsa, raýatlaryň hukuk taýdan taýýarlygyna we kanunçylyk baradaky habarlylygynyň derejesine baglydyr. Ýurdumyzda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, adamyň hukuklaryny goramagyň hukuk gurallaryny berkitmek babatda alnyp barylýan işler hem demokratik ösüşiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabryndaky karary bilen “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwer syýasatyň adam bähbitlerini we mertebesini sarpalamaga gönükdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Meýilnama kanunçylygy kämilleşdirmegi, hukuk we institusional gurallary pugtalandyrmagy, döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, şeýle hem raýat jemgyýetiniň işjeňligini, aýratyn hem ýaşlaryň ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli durmuş ykdysady özgertmelere mynasyp goşant goşmagyny göz öňünde tutýar.

Hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan meseleleriň kanuny ýollar arkaly çözülmegine, raýatlaryň döwlet edaralary bilen gatnaşyklarynda öz hukuklaryny we borçlaryny bilmegine, hukuk tertibiniň berkemegine giň mümkinçilik döredýär. Jemgyýetde hukuk medeniýetini ösdürmekde ýaş nesliň hukuk terbiýesine aýratyn orun degişlidir. Ýaşlaryň kanunlara hormat goýmak, raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek, jemgyýetçilik jogapkärçiligini duýmak ruhunda terbiýelenmegi hukuk taýdan kämil jemgyýetiň geljegini kesgitleýän möhüm şertdir. Hukuk bilimleriniň ýaşlykdan öwredilmegi ýaş nesilde kanunylyga, adalatlylyga we jemgyýetçilik gymmatlyklaryna hormat goýmak düşünjesini kemala getirýär. Şol bir wagtyň özünde, hukuk terbiýesiniň maşgalada, bilim edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda yzygiderli alnyp barylmagy bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrýar.

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Hukuk maglumatlarynyň elektron görnüşde elýeterliligini giňeltmek, kanunçylygyň mazmunyny jemgyýetçilige düşnükli dilde ýetirmek, sanly maglumat serişdeleri arkaly hukuk düşündirişlerini ýaýratmak raýatlaryň hukuk bilimlerini artdyrmaga ýardam berýär.

Geçirilen «Hukuk medeniýeti we demokratik ösüş – kämil jemgyýetiň möhüm şerti» atly duşuşyk-maslahaty hukuk medeniýetiniň diňe bir aýratyn adamyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň ösüşi üçin zerurdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda berkitmek, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk kepilliklerini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky tagallalar jemgyýetde hukuk medeniýetiniň ösdürilmegine, demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna hem-de döwletimiziň hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilendir.