Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

YLYM-BILIM SYÝASATY: MILLI TEJRIBE WE HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYK

YLYM-BILIM SYÝASATY: MILLI TEJRIBE WE HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYK

Ýazpolat KERIÝEW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
tehniki ylymlarynyň kandidaty 

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we halkyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelerde, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki, medeni hem-de beýleki ugurlar boýunça maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Bu özgertmeleriň hil taýdan täze derejä çykmagy we halkyň bähbidine has netijeli hyzmat etmegi bolsa, döwrebap bilimiň, ylmyň mümkinçiliklerine daýanýar. 

Ylmy-tehniki ösüşleriň asyry hasaplanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, sanly tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi bu günki gün dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýji esasy görkeziji bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ylym hem-de bilim ulgamlaryny hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek, bu işlere ýaşlary işjeň çekmek, olaryň döredijilikli başlangyçlaryny goldamak – ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdir.

Bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanylan bu ylmy bäsleşik ýaşlaryň täze ylmy pikirleriniň, innowasiýa işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen, olaryň ylmy-döredijilik kuwwatyny ýurdumyzyň durnukly ösüşine gönükdirmäge hyzmat edýär. Şeýle başlangyçlar ylym we bilim strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen doly sazlaşyp, döwletimiziň innowasion geljegini kepillendirýär. Çünki häzirki döwürde ylym we bilim ähli ösüşleriň hereketlendiriji güýji hasaplanylýar.

Şu jähetden, häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan bilim we ylym ulgamlarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň berkidilmegi, ylmy-barlag we innowasion bilimleri döretmäge hem-de özgertmäge ukyplylyk, adam maýasynyň ösdürilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Olaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenen. Şeýle hem, ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi), “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi), “Innowasiýa işi hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket edýändigini aýratyn bellemek bolar.

Şunuň bilen birlikde, döwrüň çalt üýtgeýän talaplaryna laýyklykda, bu ugurdaky kanunçylyk namalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şol zerurlyklardan ugur alnyp, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklamagy bilen, bu ugurdaky işleriň täze tapgyry başlady. Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bu Kanun ýaşlaryň intellektual we döredijilik kuwwatyny ösdürmekde ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat edýär. [1]

Kanunyň 26-njy maddasynyň 8-nji bendinde ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek mümkinçiligi göz öňünde tutulan. Munuň özi ýaşlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bitewi ulgamynyň hukuk kepillikleriniň döredilýändigini görkezýär.

Agzalan kanunyň 32-nji maddasynyň 7-nji bendinde bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek şertiniň görkezilmegi ýaşlary zähmete höweslendirmekde netijeli mümkinçilikdir. Kanunda ýaşlaryň ýaşynyň 35 ýaşa çenli kesgitlenmegi bolsa, ýaş nesil, olaryň geljegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň berk hukuk binýadyny kemala getirýär.

Bu ugurdaky işleri strategik esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýaşlarynyň dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen dostlugyny, özara düşünişmegini we hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy üpjün etmek, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň durmuş-ykdysady, maglumat-aragatnaşyk, medeni, ylymbilim, intellektual, ekologiýa, döredijilik, ynsanperwer, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlaryna işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmek bu Strategiýanyň esasy maksatlary bolup durýar. [2]

Bilim, ylym, medeniýet we sport, ýaşlar hereketi, şeýle hem ýaşlar parlamentarizmi ýaly ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy Strategiýanyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara ylym hyzmatdaşlygy ulgamynda ýaşlaryň ylmy diplomatiýasyny ösdürmek, ýaş alymlaryň halkara birleşiklerine gatnaşmagyny we ýurdumyzda şeýle birleşikleri döretmek boýunça başlangyçlary goldamak, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara ylmy forumlary, ylmy maslahatlary hem-de milli we halkara derejelerinde ylmy bäsleşikleri geçirmek göz öňünde tutulan.

Mundan başga-da, dünýäniň esasy ylmy we tehnologik merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, takyk we ynsanperwer ylymlary babatda ylmy maksatnamalary işläp taýýarlamak hemde amala aşyrmak Strategiýany amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu bolsa Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň ýaş alymlarynyň ylmyň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki barlag taslamalaryny durmuşa geçirmeklerine, şeýle hem halkara tejribesi esasynda ýaşlary ylmy-barlag işlerine höweslendirmegiň täze ulgamynyň döredilmegine giň ýol açýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ynsanperwer we ylym-bilim diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

“Açyk gapylar” syýasatyna we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamak, şeýle hem hünär biliminiň ähli ugurlarynyň baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara hukugynyň kadalaryna hem-de döwlet bilim standartyna laýyklykda, orta hünär biliminiň binýadyna ugurdaş hünär boýunça ýokary hünär biliminiň maksatnamasyny dowam etdirmegiň kadalary işläp düzülýär, şeýle hem mugallymçylyk ugurly bilim edaralarynda giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär derejeli mugallymlar taýýarlanylýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýaşlaryň şäheri hasaplanýan Arkadag şäherinde halkara standartlara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen iňlis dili mekdebini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Bu mekdep ýurdumyzda iňlis diliniň okadylyşyny täze basgançaga çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň iň öňdebaryjy uniwersitetlerine girmegine we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine giň şertleri döreder. Milli Liderimiziň golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlaryna laýyklykda, lingafon we innowasion otaglaryň iň ýokary halkara standartlar esasynda enjamlaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň dünýä dillerini çuňňur özleşdirmegine hem-de global ylym giňişligine ynamly aralaşmagyna ygtybarly hyzmat eder.

Täze döredilýän “Bilim toplumy” ulgamynda 320 orunlyk çagalar bagynyň we döwrebaplaşdyrylan mekdebiň bitewi bir sazlaşygy emele getirmegi — terbiýe hem-de bilimiň üznüksiz dowamatlylygyny üpjün edýän, kämil hünärli ýaşlary kemala getirmegiň ajaýyp nusgasydyr. “Bilimli nesil — döwletiň sarsmaz binýady” diýen pähimden ugur alyp, bu döwrebap ylym ojaklary ýaşlarymyzyň dünýäniň intellektual giňişliginde öz mynasyp ornuny tapmagyna giň ýol açar. Şäher gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň dowamynda bilim ojaklarynyň — döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň düýpli kämilleşdirilmegi, Türkmenistanyň halkara bilim giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň hem-de durnukly geljegi nazarlaýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle döwrebap bilim gurşawynyň döredilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli bilim ulgamyny döwrüň talabyna we oňyn dünýä tejribesiniň gazananlaryna laýyklykda ösdürmegi maksat edinýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri, bu ugurda iş alyp barýan beýleki halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Türkmenistanda bilimiň derejeleriniň toparlara bölünişi ÝUNESKO-nyň Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartyna esaslanýar. Şunda toparlara bölünişikler bilim maksatnamalarynyň mazmunyna laýyklykda, olaryň çylşyrymlylygyna, ele alynýan bilimlere we endiklere, öňki bilim maksatnamalary babatda bellenilýän talaplara, bilim hyzmatlarynyň guralyşynyň şertlerine we berlişiniň usullaryna görä amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasion özgertmelere laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly ulgamy giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edildi. Resminama bilim edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýurdumyzda bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täze ýokary mekdepleriniň döredilmegi, bar bolan ýokary okuw mekdepleriň täze binalarynyň gurulmagy her bir raýatyň bilim almaga bolan hukuklarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigini görkezýär. Bu babatda bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.” diýlip berkidilen. [3]

Bilim almak hukugy – Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamanyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar.

Bilim ulgamyny kadalaşdyrmagyň we bu hukugyň ähli adamlara kepillendirilmeginiň döwlet işiniň baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmeginiň esasy sebäbi – ylym we medeniýet bilen bir hatarda bilimiň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň iň möhüm şerti bolmagyndadyr. Şeýle hem “jemgyýetiň kämilleşmegi” diýen düşünje ilkinji nobatda, jemgyýeti emele getirýän fiziki şahslaryň, ýagny adamlaryň ruhy-ahlak taýdan kämil, ynsanperwer şahsyýetler bolmaklaryny göz öňünde tutýar. Çünki jemgyýet adamlaryň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň jeminden döreýär. Her günde ýüzlerçe görnüşli özara gatnaşyklara girýän adamlaryň aň- düşünjesi näçe giň, ahlak edim-gylymlary näçe arassa, ynam-ygtykatlary näçe päk we sagdyn boldugyça olaryň arasyndaky jemgyýetçilik gatnaşyklarynda şonçada birek-birege sylag-hormat, agzybirlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, ýörelgeleri agdyklyk edýär. Şeýlelik bilen, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasynda sazlaşyk hem düşünişmeklik emele gelýär.

2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň bilim babatdaky kanunçylygynyň döwrüň häzirki zaman talaplaryna esaslanmak arkaly barha kämilleşdiril- ýändigini aýdyň tassyklaýar. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak barada şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady hasaplanýar. [4]

Kanun Türkmenistanda her bir adamyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak, Türkmenistanyň raýatlaryna bütin ömrüniň dowamynda hemmetaraplaýyn gurşap alýan we adalatly ýokary hilli bilimi hem-de okamak mümkinçiliginiň höweslendirilmegini üpjün etmek, Türkmenistanda bilim ulgamynyň üznüksiz hereket etmegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýaly wajyp wezipeleri özünde jemleýär.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim hem-de ylym ulgamlary düzümi boýunça-da, täze innowasion tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha oňyn netijelere eýe bolýar, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň bilim babatdaky milli kanunçylygy halkara hukugy-nyň ählumumy ykrar edilen kadalary esasyn-da sazlaşykly utgaşdyrylyp, her bir adamyň bilim almaga bolan hukugyny doly kepillendirýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde döwletimiziň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdiril-jekdigini ynam bilen aýtmaga doly esas döredýär.

 

Edebiýat 

  1. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) // Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 85-nji madda; 
  2. Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy. // Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023ý., №6, 427-nji madda; 
  3. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. 
  4. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) // Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 43-nji madda.