Alynmalar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda çykaran 10928-nji karary bilen tassyklandy
Alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak hakynda
DÜZGÜNNAMA
Umumy düzgünler
1. Şu Düzgünnama ylmy we ylmy-pedagogik işgärlere alymlyk derejelerini bermegiň we alymlyk atlaryny dakmagyň, daşary ýurt döwletlerinde berlen alymlyk derejeleriniň diplomlaryny we alymlyk atlarynyň attestatlaryny ykrar etmegiň, şeýle hem olary alymlyk derejelerinden, alymlyk atlaryndan mahrum etmegiň hem-de olary dikeltmegiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny we tertibini hem-de ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejelerini almak üçin taýýarlanan dissertasiýalara bildirilýän talaplary kesgitleýär.
2. Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti (mundan beýläk – Komitet) ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär. Komitet ýokary hünärli ylmy we ylmy-pedagogik işgärlere ylmyň, bilimiň, tehnikanyň, tehnologiýalaryň, medeniýetiň hem-de sungatyň ähli ugurlary boýunça alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak boýunça attestasiýa ulgamyna ýolbaşçylyk edýär we bu ulgamda geçirilýän işleriň şu Düzgünnamada bellenen talaplara laýyklygynyň üpjün edilişine gözegçilik edýär.
3. Ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawyna girýän ylmy ugurlar boýunça berilýär.
Professor, dosent we uly ylmy işgär diýen alymlyk atlary Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawyna girýän ylmy hünärler boýunça dakylýar.
Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawyny we olaryň pasportlaryny Komitet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde taýýarlaýar we tassyklaýar hem-de ylmyň umumy ösüşini nazara alyp, olary yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
4. Ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesi bolan dalaşgäre onuň doktorlyk alymlyk derejesini almak üçin taýýarlan dissertasiýasyny jemagat öňünde goramagynyň netijesi boýunça dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeşiň (mundan beýläk – ýöriteleşdirilen geňeş) çözgüdi, Komitetiň degişli ekspert geňeşiniň netijenamasy we onuň prezidiumynyň çözgüdi esasynda Komitet tarapyndan ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesi berilýär.
Ýokary bilimi (adatça, şol hünär boýunça) bolan dalaşgäre kandidatlyk alymlyk derejesini almak üçin taýýarlan dissertasiýasyny jemagat öňünde goramagynyň netijesi boýunça ýöriteleşdirilen geňeşiň çözgüdi, Komitetiň degişli ekspert geňeşiniň netijenamasy we onuň prezidiumynyň çözgüdi esasynda Komitet tarapyndan ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesi berilýär.
Komitetiň alymlyk derejelerini (ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty) bermek baradaky çözgütleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.
5. Alymlyk derejelerini (ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty) almak üçin dissertasiýalar goralanda we olara degişli attestasiýa resminamalary taýýarlananda bellenen tertibiň bozulandygy ýüze çykarylan ýagdaýda Komitet ýöriteleşdirilen geňeşleriň alymlyk derejelerini bermek baradaky çözgüdiniň güýjüni ýatyrýar.
6. Ylmy edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de hünäri ýokarlandyryş edaralarynyň ylmy we ylmy-pedagogik işgärlerine şol edaralaryň alymlar ýa-da ylmy-tehniki geňeşleriniň alymlyk adyna dalaşgär baradaky ýollan güwänamasy, attestasiýa resminamalary we olar boýunça Komitetiň degişli ekspert geňeşiniň netijenamasy we prezidiumynyň çözgüdi esasynda Komitet tarapyndan professor, dosent we uly ylmy işgär diýen alymlyk atlary dakylýar.
Alymlyk atlary şu aşakdaky aýratyn ýagdaýlarda Komitet tarapyndan dakylýar:
– professor diýen alymlyk ady Türkmenistanyň ylmy we tehnikany ösdürmek syýasatyny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge, ylmy hem-de bilimi ösdürmäge, täze tehnikany we tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine Komitetiň degişli ekspert geňeşiniň berýän netijenamasy esasynda;
– Hormatly professor we ylymlaryň Hormatly doktory diýen alymlyk atlary döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, tehnika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylaryna, alymlaryna hem-de jemgyýetçilik işgärlerine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň towakganamalary we Komitetiň degişli ekspert geňeşiniň netijenamasy esasynda.
Komitetiň alymlyk atlaryny (professor, dosent, uly ylmy işgär, Hormatly professor, ylymlaryň Hormatly doktory) dakmak baradaky çözgütleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.
7. Ylymlaryň doktoryna we ylymlaryň kandidatyna alymlyk derejesi hakyndaky diplom, professora, dosente, uly ylmy işgäre, Hormatly professora we ylymlaryň Hormatly doktoryna bolsa alymlyk ady hakyndaky attestat berilýär.
Alymlyk derejesiniň diplomynyň, alymlyk adynyň attestatynyň, daşary ýurt döwletlerinde berlen alymlyk derejesiniň diplomyny we alymlyk adynyň attestatyny ykrar ediş şahadatnamasynyň nusgalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanýar.
8. Alymlyk derejelerini (ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty) bermek we alymlyk atlaryny (professor, dosent, uly ylmy işgär, Hormatly professor we ylymlaryň Hormatly doktory) dakmak bilen bagly attestasiýa işiniň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Komitet Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen bilelikde alymlyk derejeleriniň we alymlyk atlarynyň attestasiýa işi bilen bagly çykdajylarynyň sanawyny tassyklaýar.
Dissertasiýalaryň goramaga hödürlenilişi we goralyşy
24. Dissertasiýanyň ýerine ýetirilen ýa-da alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň berkidilen edarasy dissertasiýanyň deslapky ekspertizasyny geçirýär we onuň esasynda netijenama berýär. Onda dissertasiýada beýan edilen netijeleri almaga awtoryň hut özüniň näderejede gatnaşandygy, doktorlyk dissertasiýasy ylmy doklad ýa-da monografiýa görnüşinde taýýarlanan bolsa, onda onuň şeýle görnüşde goramaga hödürlenmeginiň maksadalaýyklygy hem delilli esaslandyrylýar.
Dissertasiýa baradaky netijenamanyň nusgasy onuň deslapky ekspertiza geçirilen gününden, kandidatlyk dissertasiýasy üçin 2 aýdan, doktorlyk dissertasiýasy üçin bolsa 3 aýdan gijikdirilmän alymlyk derejesini almaga dalaşgäre berilýär.
Alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň öz dissertasiýasyny goramak üçin ony islendik ýöriteleşdirilen geňeşe hödürlemäge haky bardyr, ýöne dissertasiýanyň taýýarlanan ylmy hünäri ýöriteleşdirilen geňeşde goramaga rugsat berlen ylmy hünärleriň birine laýyk gelmelidir.
25. Ýöriteleşdirilen geňeş, ilki bilen, dissertasiýa deslapdan garamagy geçirýär we ony goratmak üçin degişli attestasiýa resminamalary bilen bilelikde kabul edýär.
Ýöriteleşdirilen geňeşde dissertasiýa deslapky garamagy geçirmek işi Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeş hakyndaky Düzgünnama laýyklykda geçirilýär.
26. Ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna we prorektorlaryna, ylmy edaralaryň ýolbaşçylaryna we olaryň orunbasarlaryna özleriniň ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ýanynda döredilen ýöriteleşdirilen geňeşlerde dissertasiýalaryny goramak üçin hödürlemäge, adatça, rugsat berilmeýär.
Döwlet ýolbaşçylaryna we wezipeli adamlaryna dissertasiýany olara tabyn bolan edaralaryň ýanynda döredilen ýöriteleşdirilen geňeşlere goramak üçin hödürlemäge, adatça, rugsat berilmeýär.
Döwlet ýolbaşçylarynyň we wezipeli adamlaryň goramak üçin taýýarlan dissertasiýalaryny olara tabyn bolan edaranyň ýanynda döredilen ýöriteleşdirilen geňeşlerde goramaga kabul etmek hakyndaky meseläni çözmek üçin dissertasiýany goramakçy bolýan alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň işleýän ýa-da berkidilen edarasy towakganama bilen Komitete ýüz tutýar. Komitet ol haýyşnama boýunça çözgüdi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary bilen ylalaşyp kabul edýär.
27. Goramaga hödürlenýän dissertasiýanyň temasynyň hünäri ýöriteleşdirilen geňeşde goralýan ylmy hünärlere ýakyn hünärler boýunça ýerine ýetirilen bolsa, ýöne ol ýöriteleşdirilen geňeşiň şol hünär boýunça ony goratmaga hukugy ýok bolsa, onda Komitetiň rugsady bilen ýöriteleşdirilen geňeş şol dissertasiýanyň hünäri boýunça bir gezeklik dissertasiýany goramagy geçirip biler. Bir gezeklik dissertasiýa goralýan geňeşi döretmegiň we bir gezeklik dissertasiýa goramagy geçirmegiň tertibi Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeş hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenýär.
Goramaga hödürlenýän dissertasiýanyň temasynyň hünäri Türkmenistanda döredilen ýöriteleşdirilen geňeşlerde garamak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, dalaşgär Komitet tarapyndan dissertasiýany daşary ýurt döwletlerinde goramak üçin iberilýär.
28. Ýöriteleşdirilen geňeş alymlyk derejesini (ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty) almak üçin taýýarlanan dissertasiýany goratmak boýunça bildirişi taýýarlaýar we ony dissertasiýanyň goraljak gününden 3 aý öň Komitete iberýär. Komitet bildirişi ýörite neşirde çap edýär we ony ylmy köpçülige ýetirýär. Şol bildirişde dissertasiýanyň goraljak güni, dissertasiýany gorajak dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, dissertasiýanyň temasy, hünäriniň şifri (Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawyna laýyklykda), dissertasiýa goraljak ýöriteleşdirilen geňeşiň şifri we salgysy anyk görkezilýär.
Komitetiň ýörite neşirinde çap edilen bildiriş (ýazgysynyň belgisini görkezmek bilen) alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň attestasiýa işine çatylýar. Bildirişiň mysaly ýazgysynyň görnüşi Komitet tarapyndan kesgitlenýär.
Komitetiň ýörite neşirinde dissertasiýany goramak baradaky bildiriş çap edilenden soň, doktorlyk dissertasiýasy 2 aýdan, kandidatlyk dissertasiýasy bolsa 1 aýdan goralyp bilner.
29. Ýöriteleşdirilen geňeş alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň attestasiýa işi boýunça zerur bolan resminamalaryň hemmesi tabşyrylan gününden soň, ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýa boýunça 2 aýyň dowamynda, ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýa boýunça 4 aýyň dowamynda alymlyk derejesini almaga dalaşgäre onuň taýýarlan dissertasiýasynyň goratmaga kabul edilýändigi ýa-da goratmaga kabul edilmeýändigi barada delillendirilen netijenamany iberýär.
30. Dissertasiýalar boýunça, şol sanda goramaga hödürlenýän çap bolup çykan monografiýalar boýunça hem ýöriteleşdirilen geňeşiň rugsady bilen golýazma görnüşinde awtoreferat çap edilmelidir.
Ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýanyň awtoreferatynyň göwrümi 2,0 çap kagyza çenli, ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýanyň awtoreferatynyň göwrümi 1,0 çap kagyza çenli bolmalydyr we ol döwlet dilinde çap edilmelidir. Eger dissertasiýa rus dilinde ýa-da iňlis dilinde ýazylan bolsa, onda dissertasiýanyň ýazylan dilinde hem onuň awtoreferaty çap edilýär.
Gumanitar ylymlar boýunça ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejelerini almak üçin taýýarlanan dissertasiýalaryň awtoreferatlarynyň göwrümi degişlilikde 2,5 we 1,5 çap kagyzyna çenli giňeldilip bilner.
Ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin ylmy doklad görnüşinde taýýarlanan dissertasiýa döwlet dilinde ýazylan bolsa, onda ol boýunça awtoreferat çap edilmeýär we ylmy dokladyň özi awtoreferat hökmünde iberilýär. Eger ol ylmy doklad döwlet dilinde ýazylmadyk bolsa, onda onuň türkmen dilinde awtoreferaty taýýarlanylýar we çap edilýär.
Dissertasiýanyň awtoreferatynda alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň esasy pikirleri we netijeleri beýan edilýär, dissertasiýada beýan edilýän barlag işlerine onuň goşandy, barlag boýunça alnan netijeleriň täzeçillik derejesi we amaly ähmiýeti görkezilýär.
Awtoreferatlar dissertasiýanyň goraljak ýöriteleşdirilen geňeşi tarapyndan ýaýradylýar. Awtoreferat ýöriteleşdirilen geňeşiň agzalaryna we degişli edaralara dissertasiýanyň goralmagynyň azyndan 1 aý öňünden iberilýär. Awtoreferatyň hökmany iberilmeli edaralarynyň sanawy Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeş hakyndaky Düzgünnama boýunça, beýleki iberilmeli edaralarynyň sanawyny bolsa degişli ýöriteleşdirilen geňeş tarapyndan kesgitlenýär.
31. Goramaga kabul edilen dissertasiýanyň 1 nusgasy we onuň awtoreferatynyň 2 nusgasy ýanynda ýöriteleşdirilen geňeş döredilen edaranyň kitaphanasyna dissertasiýanyň goralmagyndan azyndan 1 aý öň iberilýär hem-de şol ýerde ol golýazma hukugynda saklanýar.
32. Ýöriteleşdirilen geňeş goramaga hödürlenen dissertasiýa boýunça resmi opponentleri dissertasiýanyň ylmy ugry boýunça ýokary alymlyk derejesi bolan alymlardan olaryň razylygy bilen belleýär.
Ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýa boýunça ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesi bolan 3 resmi opponent bellenýär. Eger olaryň ikisi dürli edaralarda işleýän bolsalar, onda olar dissertasiýany goratmak üçin kabul eden ýöriteleşdirilen geňeşiň agzalary hem bolup bilerler.
Ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýa boýunça alymlyk derejesi bolan 2 resmi opponent bellenýär. Olaryň biriniň ylymlaryň doktory bolmagy hökmanydyr, ikinjisi bolsa ylymlaryň doktory ýa-da ylymlaryň kandidaty hem bolup biler.
Zerurlyk bolan ýagdaýlarda (ýöriteleşdirilen geňeş dissertasiýa boýunça resmi opponentleri kesgitläp bilmedik ýagdaýynda, resmi opponentleriň nädogry bellenendigi ýüze çykarylsa, resmi opponentleriň synlary boýunça jedelli meseleler dörese) resmi opponentler Komitet tarapyndan bellenilip bilner.
Dissertasiýanyň resmi opponentlerine töleg tölenýär. Komitet dissertasiýanyň resmi opponentlerine töleg tölemegiň tertibini Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşyp tassyklaýar.
33. Resmi opponentler, adatça, dürli edaralaryň işgärleri bolmalydyrlar. Komitetiň rugsady bolan ýagdaýda, resmi opponentler bir edaranyň işgärleri hem bolup bilerler.
Goramak üçin hödürlenen dissertasiýa boýunça Komitetiň prezidiumynyň agzalary we Komitetiň hünärmenleri, dissertasiýany goramak üçin kabul eden ýöriteleşdirilen geňeşiň başlygy, başlygynyň orunbasary, alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň ylmy ýolbaşçylary, dissertasiýanyň temasy boýunça alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň çap edilen işleriniň awtordaşlary, şeýle hem dissertasiýanyň ýerine ýetirilen ýa-da alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň işleýän ýokary okuw mekdebiniň rektory, prorektory, kafedrasynyň, bölüminiň we bölümçesiniň işgärleri, şol sanda onuň iş buýrujy ýa-da ýerine ýetiriji bolup durýan (bilelikde ýerine ýetiriji) ylmy-barlag edarasynyň ýolbaşçysy we onuň orunbasary alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň resmi opponenti bolup bilmeýärler.
34. Resmi opponentler dissertasiýany we onuň temasy boýunça çap edilen işleri öwrenip, ýöriteleşdirilen geňeşe ýazmaça syn berýärler. Olar öz synlarynda dissertasiýanyň temasynyň derwaýyslygyna, dissertasiýada beýan edilýän ylmy pikirleriň, netijeleriň we teklipleriň esaslandyrylyş derejesine, şeýle hem olaryň dogrulygyna, täzeçilligine we amaly ähmiýetine hem-de dissertasiýanyň bellenen talaplara laýyklykda taýýarlanandygyna baha berýärler.
Resmi opponentleriň ýazmaça synlary ýöriteleşdirilen geňeşe dissertasiýanyň goraljak gününden azyndan 15 gün öň tabşyrylýar. Synlaryň göçürme nusgalary dissertasiýanyň goraljak gününden azyndan 10 gün öň alymlyk derejesini almaga dalaşgäre gowşurylýar.
Resmi opponentleriň ýazan synlary bellenen talaplara laýyk gelmedik ýagdaýda, ýöriteleşdirilen geňeşiň ol synlary täzeden işlemek üçin yzyna gaýtarmaga ýa-da dissertasiýa boýunça resmi opponentleri çalşyrmaga hukugy bardyr.
35. Ýöriteleşdirilen geňeş dissertasiýanyň ylmy ugruna baglylykda pudakda ylmy-barlag işlerini alyp barmak babatda öňdebaryjy edaralaryň birini ýa-da özünde ýeterlik alymlar topary bolan edaralaryň birini dissertasiýa syn bermek üçin, olaryň razylygy bilen, dissertasiýanyň alyp baryjy edarasy diýip belleýär.
Dissertasiýanyň ýerine ýetirilen edarasy, alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň işleýän edarasy, şeýle hem şol edaralaryň dissertasiýanyň temasy bilen ugurdaş taslamalaryň iş buýrujysy bolup durýan edaralar alyp baryjy edara hökmünde dissertasiýa syn bermek üçin bellenip bilinmez.
Alyp baryjy edara dissertasiýa boýunça syn taýýarlaýar we onda alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň dissertasiýasynda beýan eden netijeleriniň ylmy we amaly ähmiýeti görkezilýär. Eger syn berilýän dissertasiýa işinde amaly ähmiýetli teklipler bar bolsa, onda synda dissertasiýanyň netijelerini ulanmak boýunça anyk teklipler berilmelidir. Dissertasiýa boýunça taýýarlanan syn alyp baryjy edaranyň ýolbaşçysy ýa-da ýolbaşçysynyň orunbasary tarapyndan tassyklanýar we dissertasiýanyň bildirilýän talaplara laýyklygyna berlen baha üçin ol jogapkärçilik çekýär. Dissertasiýa boýunça taýýarlanan syn onuň goraljak senesinden azyndan 15 gün öň ýöriteleşdirilen geňeşe, onuň göçürme nusgasy bolsa onuň goraljak senesinden azyndan 10 gün öň alymlyk derejesini almaga dalaşgäre berilýär.
Alyp baryjy edaranyň syny bellenen talaplara laýyk gelmeýän bolsa, onda syny gaýtadan işlemek üçin yzyna gaýtarmaga hem-de eger bu ýagdaý ikinji gezek gaýtalansa, onda dissertasiýa boýunça alyp baryjy edarany çalşyrmaga ýöriteleşdirilen geňeşiň hukugy bardyr.
Ýöriteleşdirilen geňeş, zerur bolan ýagdaýda, Komitet bilen ylalaşyp, daşary ýurtlaryň ylmy we ylmy-önümçilik edaralaryny, ýokary okuw mekdeplerini goralýan dissertasiýa boýunça alyp baryjy edarasy edip ýa-da olaryň alymlaryny resmi opponent edip belläp biler.
36. Goraljak dissertasiýa boýunça oňyn baha berilmedik synlar we netijenamalar bar bolsa hem, alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň haýyşnamasy boýunça ýöriteleşdirilen geňeş dissertasiýany goratmagy geçirip biler.
37. Alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň taýýarlan dissertasiýasynyň esasy ylmy netijeleri žurnallarda we ylmy neşirlerde beýan edilen pursadyndan azyndan 2 aý geçenden soň, doktorlyk dissertasiýasy we azyndan 1 aý geçenden soň bolsa kandidatlyk dissertasiýasy goralyp bilner. Dissertasiýada beýan edilen maglumatlaryň dalaşgäriň çap bolup çykan ylmy işlerinde beýan edilişiniň dolulygy ýöriteleşdirilen geňeş tarapyndan kesgitlenýär.
Alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýa boýunça çap edilen ylmy işleriň sany we göwrümi Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeşler hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenen möçberden az bolmaly däldir.
Alymlyk derejesini almak üçin taýýarlanan dissertasiýa, adatça, Türkmenistanyň döwlet dilinde ýazylýar we goralýar. Alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň esaslandyrylan haýyşy (bilim alan okuw mekdepleri, geçen aspiranturasy, doktoranturasy ýa-da taýýarlaýan dissertasiýasynyň hünär ugrunyň aýratynlygy) boýunça onuň berkidilen edarasynyň alymlar geňeşiniň (ylmy seminaryň) çözgüdi (netijenamasy) boýunça dissertasiýa rus ýa-da iňlis dillerinde hem ýazylyp we goralyp bilner.
38. Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeşleriň mejlisleri olaryň agzalarynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşanda doly ygtyýarly hasaplanýar.
Ýöriteleşdirilen geňeşde:
– doktorlyk dissertasiýasy goralanda, onuň mejlisine goralýan dissertasiýanyň her bir hünäri boýunça azyndan 5 hünärmeniň gatnaşmagy we olaryň azyndan üçüsiniň ylymlaryň doktory bolmagy;
– kandidatlyk dissertasiýasy goralanda, onuň mejlisine goralýan dissertasiýanyň her bir hünäri boýunça azyndan 3 hünärmeniň gatnaşmagy we olaryň azyndan ikisiniň ylymlaryň doktory bolmagy hökmany hasaplanýar.
Ýöriteleşdirilen geňeşiň alymlyk derejesini bermek hakyndaky çözgüdi onuň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň üçden iki bölegi oňyn ses berende ygtyýarly hasaplanýar.
39. Dissertasiýany jemagat öňünde goramagyň geçirilişi ylmy çekişme häsiýetinde bolmalydyr we ýokary derejede talap edijilik, erjellik we ylmy edebi berjaý etmek ýagdaýynda geçirilmelidir. Dissertasiýada beýan edilýän ylmy we amaly häsiýetli netijeler boýunça teklipleriň hemmesiniň dogrulygy hem-de esaslydygy doly barlanan bolmalydyr.
Dissertasiýanyň resmi opponentleri dissertasiýany goramak boýunça ýöriteleşdirilen geňeşiň mejlisine gatnaşmaga borçludyrlar. Esasly sebäbe görä resmi opponentleriň diňe biriniň gelmedik ýagdaýynda hem, eger-de ol dissertasiýa işine oňyn syn beren bolsa, onda kadadan çykma hökmünde, dissertasiýany goramaga rugsat edilýär hem-de ýöriteleşdirilen geňeşiň mejlisinde onuň ýazan syny doly okalýar.
40. Jemagat öňünde goralan dissertasiýa boýunça dalaşgäre alymlyk derejesini bermek barada ýöriteleşdirilen geňeşiň çözgüdi gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär.
Mejlise gatnaşýan ýöriteleşdirilen geňeşiň agzalarynyň seslerini sanamak üçin olardan azyndan 3 agzadan ybarat bolan hasaplaýyş topary döredilýär. Onuň düzümi ýöriteleşdirilen geňeşiň mejlise gatnaşýan agzalarynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi arkaly saýlanýar.
Hasaplaýyş toparynyň teswirnamalary mejlise gatnaşýan ýöriteleşdirilen geňeşiň agzalarynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi arkaly tassyklanýar.
Ýöriteleşdirilen geňeşde dissertasiýa goramak boýunça mejlisi geçirmek we hasaplaýyş toparynyň işini guramak Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeş hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenýär.
41. Dalaşgäre alymlyk derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etmek üçin geçirilen gizlin ses berlişigiň netijesi oňyn bolan ýagdaýda, ýöriteleşdirilen geňeşde dissertasiýa boýunça gelnen çözgüt açyk ses bermek esasynda kabul edilýär. Onda alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň dissertasiýasynda alan has wajyp ylmy netijeleri, olaryň dogrulygyna we täzeçilligine berlen bahalar, olaryň ylmy we amaly ähmiýeti, dissertasiýanyň netijelerini peýdalanmak barada edilýän teklipler beýan edilýär hem-de dissertasiýa baha bermegiň şu Düzgünnama (degişlilikde 17-nji ýa-da 18-nji bölümi) laýyklykda geçirilendigi anyk görkezilýär.
Alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň haýyşy boýunça ýöriteleşdirilen geňeşiň çözgüdiniň göçürme nusgasy şol çözgüt kabul edilenden soň 1 aýyň dowamynda berilýär.
42. Dissertasiýanyň goralyşynyň netijeleri boýunça oňyn çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, ýöriteleşdirilen geňeş dissertasiýa goralandan soň 30 günüň dowamynda dissertasiýanyň bir nusgasyny we alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň attestasiýa işini bellenen tertipde taýýarlap, onuň birinji nusgasyny Komitete iberýär. Alymlyk derejesini almaga dalaşgäriň attestasiýa işiniň ikinji nusgasy ýöriteleşdirilen geňeşde 10 ýyl saklanýar, soňra bellenen tertipde saklamak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylmy edaralaryň we guramalaryň pudaklaýyn arhiwi bölümine tabşyrylýar.
43. Dissertasiýany goramagyň netijeleri oňyn bolmadyk ýagdaýda, alymlyk derejesini almaga dalaşgäre resminamalary gaýtaryp bermegiň tertibi we Komitete iberilýän resminamalaryň sanawy Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeş hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenýär.
Ýöriteleşdirilen geňeş ýa-da Komitetiň prezidiumy tarapyndan dissertasiýany goramagyň netijeleri boýunça oňyn däl çözgüt kabul edilen ýagdaýda, dissertasiýa täzeden işlenip, 1 ýyldan soň gaýtadan goramaga hödürlenip bilner. Gaýtadan goramak üçin Komitetiň rugsady talap edilmeýär. Dissertasiýa gaýtadan goralanda resmi opponentler we alyp baryjy edara çalşyrylýar.
44. Doktorlyk dissertasiýalaryna garamaga hukukly ýöriteleşdirilen
geňeşe goramak üçin hödürlenen kandidatlyk dissertasiýasy onuň 2 resmi opponenti hem öz synlarynda kandidatlyk dissertasiýanyň doktorlyk dissertasiýasy üçin bildirilýän talaplara laýyk gelýär diýlip hasap eden halatynda we kandidatlyk dissertasiýanyň goralmagynyň esasynda şol pikir goldanan ýagdaýynda, ýöriteleşdirilen geňeşiň şol mejlisinde çözgüt kabul etmek üçin onuň agzalary 2 teklip boýunça ses berýärler. Olaryň birinjisi – alymlyk derejesini almaga dalaşgäre ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini bermek, ikinjisi bolsa alymlyk derejesine dalaşgäriň dissertasiýasyny ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin goramaga hödürlemäge rugsat bermek barada Komitetden haýyş etmek hakyndadyr.
Bu ýerde ikinji çözgüt kabul edilen ýagdaýda we ol barada Komitet tarapyndan oňyn çözgüt çykarylan bolsa, onda şol ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin hödürlenen dissertasiýa adaty tertipde goralýar. Onuň üçin gaýtadan awtoreferat talap edilmeýär, ýöne Komitetiň döwürleýin neşirinde doktorlyk dissertasiýanyň goraljakdygy barada bildiriş çap edilýär.
45. Dissertasiýany goramak boýunça oňyn çözgüt kabul edilen ýagdaýda dissertasiýanyň we onuň awtoreferatynyň 1 nusgasy bellenen tertipde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna hemişelik saklamak üçin tabşyrylýar.
46. Döwlet syrlaryny we gullukda peýdalanmak üçin niýetlenen maglumatlary öz içine alýan dissertasiýalary taýýarlamak, goramak üçin kabul etmek we goramak, şeýle hem bu dissertasiýalara Komitetiň ekspert geňeşi we prezidiumy tarapyndan garamak olar üçin bellenen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.
47. Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda doktorantura, aspirantura kabul edilmegi, dalaşgär hökmünde hasaba alynmagy hem-de alymlyk derejelerini almak üçin taýýarlan, şol sanda daşary ýurtda taýýarlan dissertasiýasyny goramaklary şu Düzgünnama laýyklykda geçirilýär. Daşary ýurtly ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri attestasiýadan geçirmegiň Tertibi Komitet tarapyndan tassyklanýar. Tertip Komitet tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary bilen ylalaşylyp tassyklanýar.
Alynmalar
Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa
komitetiniň 2011-nji ýylyň 29-njy
iýunyndaky №7 buýrugy
bilen tassyklandy
Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawy
|
12.00.00
|
HUKUK YLYMLARY |
|
284 |
12.00.01 |
Döwletiň we hukugyň nazaryýeti we taryhy; döwleti we hukugy öwrenişiň taryhy |
Hukuk |
285 |
12.00.02 |
Konstitusion hukugy; ýerli häkimiýet hukugy |
Hukuk |
286 |
12.00.03 |
Raýat hukugy; telekeçilik hukugy; maşgala hukugy; halkara hususy hukugy |
Hukuk |
287 |
12.00.05 |
Zähmet hukugy; durmuş üpjünçilik hukugy |
Hukuk |
288 |
12.00.06 |
Tebigy baýlyklar hukugy; agrar hukugy; ekologiýa hukugy |
Hukuk |
289 |
12.00.08 |
Jenaýat hukugy we kriminologiýa; jenaýat ýerine ýetiriş hukugy |
Hukuk |
290 |
12.00.09 |
Jenaýat iş ýöredişi; kriminalistika; operatiw-agtaryş işi |
Hukuk |
291 |
12.00.10 |
Halkara hukugy, ýewropa hukugy |
Hukuk |
292 |
12.00.11 |
Kazyýet häkimiýeti, prokuror gözegçiligi, hukuk goraýyş işleriniň gurnalyşy, hukuk-maslahat beriş edarasy (adwokatura) |
Hukuk |
293 |
12.00.14 |
Administratiw hukugy, maliýe-ykdysady hukugy, maglumat hukugy |
Hukuk |
294 |
12.00.15 |
Raýat iş ýöredişi; arbitraž iş ýöredişi |
Hukuk |