TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2018-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky karary bilen

tassyklanyldy

 

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty (mundan beýläk-institut) ylmy-amaly, seljeriş-usulyýet işlerini alyp barýan edaradyr. Institutyň işiniň esasy ugry döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek boýunça seljermeleri geçirmekden ybaratdyr.

2. Institut Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr hem-de öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem şu Düzgünnama esasynda amala aşyrýar.

3. Institutyň esasy wezipeleri:

1) döwletiň konstitusion esaslaryny we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny öwrenmekden;

2) döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryşyň institutlarynyň ulgamlaýyn işini guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk-ylmy usullarynyň ösüşini çaklamakdan;

3) hukuk ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny, durnukly durmuş-ykdysady ösüşleri üpjün etmegiň nukdaýnazaryndan seljermekden;

4) kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlamak işini hukuk-ylmy taýdan üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmakdan;

5) döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ugurlaryny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň, kanunlary durmuşa ornaşdyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň döwrebap ugurlary boýunça teklipleri seljermekden we taýýarlamakdan;

6) Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň utgaşdyryjylyk işlerini alyp barmakdan;

7) Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň pudagara sazlaşygyny hem-de hukuk namalaryň halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalaryna laýyk ösüşini öwrenmekden;

8) türkmen halkynyň milli mirasyny, däp-dessurlaryny, dünýädäki tejribäni we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny nazara almak bilen milli hukuk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça ylmy-amaly teklipleri işläp taýýarlamakdan;

9) Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen, şeýle-de, daşary ýurt döwletleriniň degişli ylmy-amaly institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmekden;

10) hukuk babatda hünärine ussat ylmy işgärleri aspirantura, doktorantura we ylmy derejelere dalaşgärlik arkaly taýýarlamakdan;

11) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary boýunça teklipleri, synlary we netijenamalary işläp düzmekden, raýat jemgyýetiniň ösüş ugurlary boýunça ylmy-amaly seljermeleri geçirmekden;

12) kanunçylykda bellenen tertipde göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

4. Institut öz üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin şu işleri amala aşyrýar:

1) kanunçylygyň we hukugyň ulanyş tejribesiniň seljermelerini amala aşyrýar, olary has-da kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

2) kanunçylygy, onuň pudaklaryny we institutlaryny ösdürmegiň ylmy konsepsiýalary işläp taýýarlaýar;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalary kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri taýýarlaýar hem-de olary durmuşa geçirmäge gatnaşýar;

4) Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;

5) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ylmy-hukuk seljermesini geçirýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň tejribesi boýunça ylmy-amaly seljermeleri geçirýär;

7) Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň ýagdaýy we onuň ösüş ugurlary boýunça seljeriş hem-de maglumat beriş synlaryny düzýär;

8) Türkmenistanyň goşulan halkara konwensiýalaryna laýyklykda halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar, şol konwensiýalaryň kadalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly hukuk meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar;

9) Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna goşulmagynyň maksadalaýyklygy hakynda ylmy-amaly seljermeleri geçirýär;

10) kanunçylygy kämilleşdirmegiň meseleleri barada Türkmenistanyň Mejlisi we beýleki döwlet häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralary bilen arkalaşykly işleýär;

11) ylmy-amaly maslahatlara, konferensiýalara, simpoziumlara, seminarlara we beýleki çärelere gatnaşýar, şeýle hem şonuň ýaly çäreleri guraýar;

12) Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen, şeýle-de, daşary ýurt döwletleriniň degişli ylmy-barlag institutlary bilen wajyp ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýär;

13) hukuk babatda hünärine ussat ylmy işgärleri aspirantura, doktorantura we ylmy derejelere dalaşgärlik arkaly taýýarlaýar;

14) «Dеmokratiýa wе hukuk» atly ylmy-amaly žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek nеşir edýär;

15) geçirilen seljermeleriň, ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça ýygyndylary, ylmy hem okuw kitaplaryny, gollanmalaryny çapa taýýarlaýar we neşir etdirýär;

16) hukuk kadalaryny ilata wagyz etmek we düşündirmek işlerini ýerine ýetirýär;

17) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.

5. Institutyň ylmy-barlag işleri, amaly seljermeleri Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we döwlet tabşyryklary esasynda düzülýän meýilnamalara laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Institut ylmy-amaly edara hökmünde şulara hukuklydyr:

1) Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp ugurlary boýunça çaklaýyş-seljeriş häsiýetli ylmy-barlag we amaly işleri geçirmäge;

2) “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenen wezipeleri we ygtyýarlyklary amala aşyrmaga;

3) kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri hödürlemäge;

4) kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamakda hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň meseleleri boýunça barlag işlerini geçirmekde Türkmenistanyň Mejlisi, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy hem-de beýleki pudaklaýyn ylmy-amaly edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde halkara ylmy hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga, halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda beýleki döwletleriň ylmy-amaly edaralary we halkara guramalary bilen ylmy-amaly maglumatlary alyşmaga;

6) Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň maglumat gorlarynda saklanylýan, Institutyň işi üçin zerur bolan ylmy-amaly maglumatlary tölegsiz almaga;

7) hukuk öwreniş ylmynyň dürli ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura hem-de alymlyk derejesine dalaşgärlik görnüşinde ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini bermek işini guramaga, okuw-usuly gollanmalary, monografiýalary, ylmy-amaly düşündirişleri, ýygyndylary taýýarlamaga we neşir etdirmäge;

8) kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmaga, taslamalar boýunça seljermeleri geçirmäge;

9) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrmaga.

7. Institut:

1) döwleti öwreniş, Türkmenistanyň hukuk ulgamy we demokratiýa babatda düýpli hem-de amaly barlaglaryň, ylmy işleriň ýokary derejesini üpjün etmäge;

2) Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň tabşyryklaryny wagtynda hem-de göwnejaý ýerine ýetirmäge;

3) döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryny düzýän maglumatlary öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda hem-de öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde goramagy üpjün etmäge;

4) ylmy-barlag we amaly işleriň netijeleriniň durmuşa ornaşdyrylyşy hakyndaky hasabatlary bellenilen tertipde bermäge;

5) iş ýöredişi gurnamak, gulluk resminamalaryny düzmek, ýerine ýetirmek we gorap saklamak barada bellenilen talaplary berjaý etmäge;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirmäge borçludyr.

8. Instituta direktor baştutanlyk edýär, ony Türkmenistanyň Prezidenti wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

9. Direktoryň iki orunbasary bar, olary Türkmenistanyň Prezidenti wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

10. Institutyň direktory:

1) Institutyň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) Institutyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär;

3) ylmy-amaly, guramaçylyk işlerine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

4) direktoryň orunbasarlarynyň arasynda borçlaryny paýlaýar;

5) Institutyň ylmy-barlag we amaly işleriniň meýilnamalaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ylalaşyp tassyklaýar;

6) Instituta umumy we ylmy-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

7) işgärleriň bellenen sanynyň çäklerinde Institutyň wezipe sanawyny tassyklaýar;

8) Institutyň düzüm birlikleriniň düzgünnamalaryny (tertipnamalaryny) tassyklaýar;

9) Institutyň işgärleriniň wezipe borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitleýär;

10) Institutyň aýratyn tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamaga bellenen tertipde hödürleýär, şeýle hem, işgärler barada höweslendiriş hem-de düzgün-nyzam jogapkärçilik çärelerini kanunçylyga laýyklykda ulanýar;

11) Institutyň Alymlar geňeşiniň işine ýolbaşçylyk edýär;

12) döwlet, jemgyýetçilik we beýleki guramalarda Instituta wekilçilik edýär, onuň serişdelerine ygtyýar edýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şertnamalary baglaşýar;

13) Institutyň işgärleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan buýruklary çykarýar, tabşyryklary we görkezmeleri berýär.

11. Institutyň ylmy işini Institutyň alym kätibi guraýar, ony Institutyň direktory wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

12. Alymlar geňeşi Instituty dolandyrmagyň wekilçilikli edarasydyr, onuň düzümine Institutyň alymlyk derejesi (ýa-da tejribeli hünärmen) bolan ylmy işgärleri girýär, olar Institutyň ylmy işgärleriniň umumy ýygnagynda 5 ýyl möhlete saýlanylýar. Alymlar geňeşiniň düzümine Institutda işlemeýän alymlar hem saýlanylyp bilner.

Alymlar geňeşiniň düzümine Institutyň direktory (geňeşiň başlygy), Institutyň direktorynyň orunbasarlary, Institutyň alym kätibi (geňeşiň alym kätibi) wezipe boýunça girýär.

Alymlar geňeşiniň agzalarynyň sanyny Institutyň direktory kesgitleýär.

Alymlar geňeşiniň mejlisleri zerurlyga görä, ýöne azyndan çärýekde bir gezek geçirilýär. Alymlar geňeşi meselelere onuň düzüminiň üçden iki bölegi bar mahaly garaýar, çözgütler sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

13. Alymlar geňeşi:

1) Institutyň ylmy işiniň esasy ugurlaryna garaýar;

2) Institutyň ylmy-barlag işleriniň meýilnamalarynyň taslamalaryny, ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleri, dissertasiýalary, monografiýalary, ylmy-amaly seljermeleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşýar;

3) hukuk ulgamynyň wajyp ugurlary, kanunçylygy durmuşa ornaşdyrmagyň tejribesini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

4) Institutyň meýilnamalaýyn ylmy-amaly seljermeleriniň netijelerine garaýar;

5) Institutyň beýleki ylmy edaralar bilen ylmy-amaly hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaýar;

6) Institutyň ylmy işgärleriniň hünär derejesine baha berýär, wezipeleri eýelemäge dalaş edýänleri bäsleşik esasynda seçip almagyň meselelerine garaýar, ylmy işgärleri aspirantura we doktorantura arkaly taýýarlamagyň hem-de işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar, aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň hasabatlaryny diňleýär, dissertasiýa işleriniň temalaryny tassyklaýar;

7) Alymlyk atlaryny dakmak üçin dalaşgärleri Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetine hödürlemek hakyndaky meselelere garaýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki meselelere garaýar.

14. Alymlar geňeşiniň mejlisiniň gün tertibini onuň başlygy düzýär.

15. Alymlar geňeşiniň öz ygtyýarlyklaryna degişli çözgütleri Institutda işleýän we okaýan ähli adamlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.

16. Institutyň işgärleriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna hem-de wezipe gözükdirmelerine laýyklykda kesgitlenilýär.

“Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” hem-de ylym ulgamy boýunça Türkmenistanyň kanunlarynyň düzgünleri Institutyň işgärlerine degişlidir.

17. Institut ýuridik şahs bolup durýar, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen, öz ady ýazylan möhüri, möhürçeleri, býujet we býujetden daşary bank hasaplary hem-de resmi blanklary bar.

18. Institutyň işi tassyklanylan iş meýilnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

19. Institutyň buhgalteriýa hasaba alnyşy we hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

20. Institut Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.