TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Adam hukuklary boýunça maglumat merkezi

2011-nji ýylda Adam hukuklary boýunça maglumat merkezi açyldy hem-de ÝB, BMGÖM we AHÝKM bilen bilelikde „Adam hukuklaryny goramak we hemaýat etmek boýunça Türkmenistanyň milli potensialynyň pugtalandyrylmagy” atly taslamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Adam hukuklary boýunça maglumat merkezi, adam hukuklary barada maglumat bilen gyzyklanýan her bir adam üçin niýetlenendir. Merkez Türkmenistanyň ilatynyň arasynda adam hukuklary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin hereket edýär.

Adam hukuklary boýunça maglumat merkezi hemmeler üçin açykdyr we raýatlara adam hukuklary babatda ýöriteleşdirilen edebiýatlara, maglumat kitaplaryna, gollanmalara we beýleki maglumatlara elýeterliligi üpjün edýär.

Adam hukuklary boýunça maglumat merkeziniň maksady adam hukuklary barada maglumat bermek we ýaýratmak. Şeýle hem:

— Adam hukuklary çygrynda milli iş meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamakda potensialyny ösdürmek;

— Hukuk goraýjy işgärler üçin adam hukuklary boýunça okuw tapgyrlaryny guramak, şol sanda mugallymlar üçin seminarlary hem gurnamak;

— Adam hukuklarynyň standartlarynyň ähli ugurlary, gurallary we soňky yzygiderli hereketleri boýunça Türkmenistanyň döwlet institutlarynyň we degişli gyzyklanýan taraplaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak;

— Adam hukuklary babatda BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň teklipleri boýunça hasabatlylygyň we soňraky hereketleriň institusional ulgamyny berkitmek we adam hukuklary boýunça tehniki potensialyny ösdürmek;

— Hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň adalatly ýerine ýetirmegiň zerur ýörelgeleri hakynda habarlylygyny ýokarlandyrmak.

— Ýurduň ilatynyň adam hukuklary boýunça maglumatlara elýeterliligini giňeltmek. Maglumat merkezi adam hukuklary boýunça ýöriteleşdirilen edebiýata elýeterliligini üpjün eder;

— Adam hukuklary çygrynda jemgyýetçilik habarlylygynyň baş ugurlaryny ösdürmek, şol sanda giň halk köpçüligi üçin Adam hukuklary boýunça habar beriş serişdelerini taýýarlamak we welaýatlarda maglumat merkezlerini açmak barada maslahatlaşmak.

Adam hukuklary boýunça maglumat merkezi aşakdaky ugurlarda hereket edýär:

— Adam hukuklary babatda kitaphananyň ulanylmagyny üpjün etmek;

— Zerur maglumatlary öz wagtynda bermek üçin adam hukuklary pudagynda elektron maglumat toruny döretmek we dolandyrmak;

— Adam hukuklary meseleleri boýunça maglumat sessiýalaryny, brifingleri we leksiýalary guramak.

  1. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Alyşir Nowaýy köçesiniň 86-njy jaýy. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty.
  2. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň 62-nji jaýy. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.
  3. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty.
  4. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Türkmen oba hojalyk instituty.
  5. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň G. Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky şahamçasy.